MEDENIÝET

Türki dünýäsiniň kinematograflarynyň geňeşi döredildi

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň başlangyjy bilen Daşkent şäherinde türki dünýäsiniň kinematograflarynyň geňeşi döredildi. Döredijileriň ýygnagyna türki döwletleriň kino senagatynyň ýolbaşçylayr gatnaşdy.

Bu duşuşyga Azerbaýjanyň “Kino” agentliginiň başlygy Orhan Fikretogly, “Gazakfilm” birleşiginiň ýolbaşçysy Azamat Satybaldy, Özbegistanyň kine,atograflary agentliginiň başlygy Firdaws Abduhalikow, Türkiýäniň kinematograflar müdirliginiň baş müdiri Erkin Ýylmazot, Gyrgyzystanyň kinematografiýa bölüminiň direktory Akžol Bekbolotow we TÜRKSOÝ guramasynyň kinematografiýa boýunça wekili Salim Ezer gatnaşdy.

Bu birleşik türk dünýäsiniň kinematografiýa sungatyny janlandyrmak, bilelikdäki film taslamalaryny, täze filmleriň bilelikdäki önümlerini döretmek, şeýle hem iň gowy filmleri halkara arenasyna çykarmak we türki dünýäsiniň filmleri üçin bitewi film paýlaýyş ulgamyny döretmek üçin döredildi.

Ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde “Gorkut ata” halkara film festiwalynyň derejesini dünýä standartlaryna çykarmak bellenildi.

Geljekde türki dünýäsiniň kinoakademiýasyny döretmek hem göz öňünde tutulýar. Bu türki halklaryň bilelikde kino taslamalaryny durmuşa geçirmegi üçin meýdança öwrüler.

Related posts

Jemi 100 000 gezek tomaşa: “Ata Watan Ýyldyzlary” Show

Ata Watan Eserleri

Teýlor Swift bäşinji gezek rekord goýdy

Howa maglumaty: 10-16-njy iýul aralygy