BIZNES

Hytaý sanly ykdysadyýet boýunça Aziýada öňdeligi eýeleýär

Boao Aziýa Forumy (BAF) tarapyndan neşir edilen Aziýanyň sanly ykdysadyýeti baradaky hasabatyna görä, Hytaý 2022-nji ýylda 7,47 trillion dollar bolan sanly ykdysadyýetiniň möçberi boýunça beýleki ýurtlardan ep-esli öňde barýar.

Resminama görä, 2,37 trillion ABŞ dollary bilen Ýaponiýa sebitde bu görkeziji boýunça ikinji ýeri eýeledi, üçünji orny 952,3 milliard ABŞ dollary bilen Koreýa Respublikasy boldy.

Hindistan, Saud Arabystany, Singapur, Indoneziýa, Ysraýyl we Malaýziýa ýaly ýurtlarda sanly ykdysadyýet ABŞ-nyň 100 milliard dollaryndan geçdi.

– Hytaý, sanly ykdysadyýeti üçin iň amatly ösüş gurşawy, iň güýçli ösüş depgini we iň giň ulanylyş mümkinçilikleri bolan ýurtlaryň biridir – diýip, BAF-yň baş sekretary Li Baodun belläp geçdi.

Şeýle hem ol sanly ykdysadyýet Hytaýyň ykdysady ösüşiniň möhüm hereketlendirijisi bolup hyzmat eder diýip çaklamak boljakdygy mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar