JEMGYÝET

Ärdogandan türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Gadyrly doganym! Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy we ösdürmegi maksat edinýändigimizi beýän etmek bilen, Türkiýäniň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Size Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Related posts

Ýewro-2020: 3-nji iýulyň duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da Nevruz Coşkusu Yaşandı

vepa

Türkmenistan-BAE: metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri