BILIM

“Garri Potter we pelsepe daşy” atly kitap 241 müň dollara satyldy

Beýik Britaniýada Žoan Roulingiň “Garri Potter we pelsepe daşy” atly kitabynyň bir ekzemplýary auksiodna satyldy. Bu kitap 26 ýyl basgançagyň aşagynda galypdyr. 11-nji dekabrda Beýik Britaniýanyň Derbişer graflygynda “Hansons Auctioneers” auksionynda kitap 241 müň dollara satyldy.

Bu kitap köp ýyllaryň dowamynda graflygyň 58 ýaşyndaky ýaşaýjysy hyzmatynda bolupdyr. Ol bu kitaby kitap dükanyndan 10 funt-sterlinge satyn alypdyr.

Auksionyň hünärmeni bu kitabyň eseriň awtorynyň örän seýräk duş gelýän ilkinji neşirleriniň biridigini belleýär. bu kitapdan 500 sanyny çap edilip, onuň 300 sanysy kitaphanalara paýlanypdyr, 200 sanysy bolsa satylypdyr.

Related posts

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2023: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti

Türkmen talyplary Belarusda sergi guradylar