JEMGYÝET

Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan sergi

Şu günler ýurdumyzda  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 28 ýyllyk şanly toýy toýlanýar. Türkmen Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly çäreler guraldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

12-nji dekabr – Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilen dabaranyň çäklerinde sergi guraldy. Halkara gatnaşyklary institutynyň girelgesinde geçirilen sergä Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň ilçihanasy, şol sanda halkara guramalary sergi diwarlyklary bilen çykyş etdiler.

  

Azerbaýjan, Eýran, Malaýziýa, Russiýa, Türkiýe, Katar, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Ermenistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Watikan, Liwiýa. Fransiýa, Italiýa bilen bir hatarda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalary sergi diwarlyklarynda öz ýurdunyň aýrtynlyklary bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn orun berdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri sergi diwarlyklaryny aýlanyp gördüler. Daşary işler ministri Meredow her ýurduň sergi diwarlygynda şol ýurtdaky Türkmenistanyň ilçisi bilen bilelikde diwarlykdaky tanyşdyrylýan gymmatlyklar hakynda maglumat aldylar.

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy öz diwarlygynda Türkiýäniň medeni we syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyryp, dünýäde hem uly meşhurlyga eýe bolan türk kofesini we lokum atly süýjüligini dabara gatnaşan myhmanlara hödür etdi.

Şeýle hem Katar döwleti, Tägigistan, Liwiýa we beýleki döwletler hem öz diwarlygyndaky milli tagamlaryny hödürlediler.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar