DÜNÝÄ

Russiýada prezident saýlawlary 3 gün dowam eder

Russiýa Federasiýasynda prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň 15-17-nji marty aralygynda 3 gün dowam eder. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň agzalary degişli karar kabul etdiler.

– Merkezi saýlaw toparynyň 13 agzasy bu teklibi goldady, diňe biri garşylyk bildirdi. Karar kabul edildi – diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa habar berdi.

– Biziň saýlaw ulgamymyzda 3 günüň dowamynda ses bermek däbe öwrülýär. Ilkinji gezek bu usul pandemiýa döwründe amala aşyryldy. Onuň köp sanly artykmaçlary boldy – diýip, Pamfilowa mälim etdi. Şeýle hem ol köpçülikleýin pikir soraşmalar hem muny tassyklady diýip belledi.

 

Related posts

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady

80 ýyldan soňra ekiz pil çagalary dünýä indi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi