Arkadag şäheri –ylham gözbaşy
Arkadag şäheri –ylham gözbaşy
Arkadagyň yhlasyndan kemal tapan mermer şäher ,
Rowaçlyklaň şuglasyndan nura dolýar saba-säher .
Kämilligiň nusgasydyr ,zemin üzre jennet mysal ,
Ak binalar hatar-hatar , ak arzuwlar tapdy wysal .
Daň şemaly , Günüň nury , buşlar ýurda ösüşleri ,
Arkadagly Serdar bilen gazanylýan ýeňişleri .
Göge galýar şatlyk ,gülki –bagtlylygyň nyşanasy ,
Şanly taryh içre bu gün naýbaşylaň dürdänesi .
Älem ýüzne boldy beýan , ak mermer-akylly şäher ,
Halkym buýsanýar ýurduna , göwünlerde baky bahar!
Erkinlik bar , erjellik bar , öňe ädimler ätmäge ,
Rahatlyk bar göwünlerde , päk niýetlere ýetmäge .
Ine ,seret , okuw jaýlar , Arkadagym berdi gurup ,
Ylym gözlän ýaşlar üçin ,garaşýar gujagyn gerip .
Lowurdaýan mermer şäher , dilde dessan boldy bu gün,
Hak nazary düşen ükläm ,dünýä aýan boldy bu gün .
Arkadagly Serdar bilen , günler rowaç , ýollar rowan ,
Myhmanlara gapy açyk ,mirasym dowamat dowam .
Görkli şährim , özüň bilen galkyndyrdyň taryhymy ,
Öz döwründe yz galdyran gahrymanlaň tarypyny .
Zehininden haýran goýan Sahy Jepbar ,Aba Anna ,
Batyrlykda nusga bolan Görogly beg , Azady dana ,
Adyn göterýän binalar ,görklenip dur hatar-hatar ,
Şany hem abraýy bilen ,çawy giň äleme ýeter ,
Yklymda tanaldy bu gün ,Arkadag –akylly şäher!
Bagtygül Ernazarowa
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň
ýaşaýjysy
