Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Milli Liderimiň Arkadag şähri

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Milli Liderimiň Arkadag şähri

Dost-doganlyk golun gerýär çar ýana

Baş egýäris Arkadagly Serdara

Täze galkynyş bar ajap eyyamda

Soňlanmajak söýgi hem ýyly mähri

Milli Liderimiň Arkadag şähri

 

Köçeleri bezelipdir gül bilen

Ogul-gyzyň waspyň ýetir dil bilen

Öňe barýar bu gün aydyň ýol bilen

Soňlanmajak söýgi hem ýyly mähri

Milli Liderimiň Arkadag şähri

 

Asmany asuda tämiz säheri

Kalbyňa ylhamdyr baky bahary

Berkararlyk bagtyýarlyk eseri

Soňlanmajak söýgi hem ýyly mähri

Milli Liderimiň Arkadag şähri

 

Gijeleň nurana gündizleň ýagty

Goýnuňda jemleýaň jenneti tagty

Bu turkmeniň buysanjy hem ak bagty

Soňlanmajak söýgi hem ýyly mähri

Milli Liderimiň Arkadag şähri.

Nurana Esenowa

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäheri

Related posts

Arkadag şäheriniň häkimi Germaniýada iş saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini gutlady

Ata Watan Eserleri

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär