JEMGYÝET

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 14-nji iýunda bu işe girişdiler.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna, şol sanda Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy.

Demirgazyk sebitiň ekerançylary ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. 2024-nji ýylyň galla oragynda däne ýygyjy kombaýnlardan, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalardan peýdalanylar.

Related posts

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň kiçi uçýan ulagy

vepa

Seniň gülleriň

vepa