JEMGYÝET

Oguljennet Berdiliýewa Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň başlygy boldy

Paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy.

Mejlislerde, Akjemal Durdyýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu wezipä birnäçe dalaşgär hödürlenilip, olaryň her biriniň hünär, guramaçylyk we beýleki ukyp-başarnyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Oguljennet Berdiliýewa biragyzdan saýlanyldy. Bu barada degişli kararlar kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipelerine saýlanmagy tassyklandy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze başlygy Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa mundan ozal Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Related posts

1.Hazar Ekonomik Forumu Cenevre’de tanıtıldı

vepa

Türkmen Lider’den yeni yılın ilk kararı

vepa

Türkmen Lideri Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady