DÜNÝÄ

Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi

Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlis kiçi komitetiň başlyklarynyň – Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýuýyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara birek-birege ynanyşmak we düşünişmek, şeýle hem açyklyk derejesiniň mahsusdygy nygtaldy.

Taraplar kiçi komitetiň öňki mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň netijelerini seljerdiler, şeýle hem howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn wagtda meýilleşdirilýän işler barada pikir alyşdylar.

Duşuşykdan soň Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri