DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Bitaraplyk taglymaty katar metbugatynda

Mälim bolşy ýaly, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistan döwletimiz ähli dünýä döwletleri bilen Halkara Bitaraplyk gününi uly şatlyk bilen belläp geçer. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan iki gezek ykrar edildi. 1995-nji ýylda hemişelik bitaraplyk derejesini alan Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda ähli ugurlarda okgunly ösüşe eýe boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplyk taglymaty hem-de ýurdumyzyň okgunly ösüşi Katar Döwletiniň abraýly neşirleriniň birinde giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň Türkmenistanyň Bitaraplygy baradaky makalasy Katar Döwletiniň öňdebaryjy neşirlerinden “Al Şarq” gazetinde çap edildi.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, makalada ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi barada katarly hem-de arap okyjylar köpçüligine giňişleýin maglumat berildi.

Katar Döwletiniň öňdebaryjy neşirlerinden “Al Şarq” gazeti barada belläp geçsek, bu neşir ýurduň “Raya” we “Al Watan” neşirleri bilen bir hatarda iň köp tiražly gündelik gazetidir.

1987-nji ýylda döredilen “Al Şarq” gazeti Doha şäherinde ýerleşýär. “Al Şarq” gazetiniň 1990-njy ýyllarda tiražy 10 müň bolan bolsa, ýyllaryň geçmegi bilen onuň tiražy artyp, iň köp tiražly gazetleriň birine öwrüldi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri