Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň möçberi 8.07 milliard dollara deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turba geçirijiler arkaly tebigy gaz ekpsort etmekde birinji orny eýeleýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.
Bu ugurda ikinji orunda Russiýa Federasiýasy barýar. Russiýanyň degişli hasabat döwründe Hytaýa iberen tebigy gazynyň möçberi 5.36 milliard dollara deň boldy. Üçünji orunda Mýanma (1.23 mlrd$), dördünji we bäşinji orunda degişlilikde Gazagystan (1.08 mlrd $) we Özbegistan (454.444 mln $) barýar.
HHR-iň Döwlet statistika müdirliginiň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Hytaý 96.51 million tonna tebigy gaz import edip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 8.8 göterim köpdür.
