DÜNÝÄ

Kisida: “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” sammitini ýola goýarys

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Tokioda geçiren gepleşiklerinden soňra metbuagat beren beýanatynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Ýaponiýanyň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.

– Merkezi Aziýa döwletleri geosyýasy taýdan uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir – diýip, Fumio Kisida belledi.

Ýapon metbugatynyň habar bermegine görä, Ýaponiýa soňky wagtlarda Merkezi Aziýa döwletleri – Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Şu ýylyň iýunynda Fumio Kisida Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyp ýolbaşçysyna Merkezi Aziýa döwletleri bilen Ýaponiýanyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklary gurnamak boýunça degişli tabşyryklar berdi.

Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ýokary derejeli duşuşyklara 2024-nji ýylda badalga berilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy