Fransiýanyň ýygyndysy özüniň taryhyndaky iň uly ýeňşi gazandy. 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Fransiýanyň ýygyndysy Gibraltaryň ýygyndysy bilen duşuşdy.
Fransiýa bu duşuşykda 14:0 hasabynda utup, öz taryhyndaky iň uly ýeňşi hem-de Ýewropa çempionatlarynyň saýlama duşuşyklarynyň çägindäki iň uly haspaly ýeňşi gazanyp, rekord goýdy.
Mundan ozal, Fransiýa bir duşuşykda 10-dan köp gol geçirip görmändi. Fransiýanyň ýygyndysy 1995-nji ýylda Azerbaýjany 10:0 hasabynda utupdy.
Gibraltar bolsa mundan ozal, Belgiýadan 9:0 hasabynda utulyp, iň uly haspaly ýeňlişine sezewar bolupdy.

14:0 hasaby Ýewropa çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň iň uly hasaply ýeňşidir. Mundan ozal, 2006-njy ýylda Germaniýanyň ýygyndysy San-Marinony 13:0 hasabynda utupdy.
Şeýle hem duşuşygyň birinji ýarymynda 7 jogapsyz gol geçirmek hem fransuzlaryň rekordy bolddy. Mundan ozal, birinji ýarymda iň köp 5 gol geçirilipdir, ol hem 1957-nji ýylda Islandiýanyň derwezesinden geçirilipdir.
Fransiýanyň gazanan ýeňişli duşuşygynda toparyň ýyldyzy Kilian Mbappe 3 gol geçirdi, şeýle hem duşuşykda Oliwýe Žiru, Kingsli Koman 2 goldan geçiren bolsa, ýene-de 7 futbolçy gol geçirmegi başardy.
Fransiýanyň ýyldyzy Mbappe Gibraltaryň derwezesine 3 gol geçirmek bilen karýerasyndaky gollarynyň sanyny 300-e ýetirdi. Ol milli ýygyndy bilen 46 gol, “Monako” we “PSŽ” toparlarynyň düzüminde bolsa, 254 gol geçirmegi başaran ýaş futbolçylaryň biridir.
