DÜNÝÄ

Eýranyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady

 Eýran Yslam Respublikasynyň ylmy we senagat ösüşlerindäki we tehnologiýalar pudagyndaky iň soňky gazananlaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik döredilen bu ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň  binasynda ýaýbaňlandyryldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Bu giň gerimli çärede goňşy döwletiň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýüze golaýy gurluşyk enjamlary, metal önümleri, durmuş enjamlary,  sanitar-tehniki we ýuwujy serişdeleri, senagat hem-de lukmançylyk enjamlary ýaly ugurlaryny, şeýle hem awtoulag önümleriniň ençeme görnüşlerini serginiň myhmanlaryna hödürleýärler.

Serginiň çäklerinde türkmenistanly  we eýranly işewürleriň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça birnäçe çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Sergi 19-njy noýabra çenli öz işini dowam edýär.

Related posts

Ýaşamak üçin iň gowy şäherler

vepa

Gyrgyz Prezidenti Türkmenistanda we Täjigistanda saparda bolar

Jon Kennediniň ýegeni ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär boldy

Ata Watan Eserleri