2023-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijelerine we onuň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem ýurduň mundan beýläk ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini özünde jemleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar.
Ilçi B.Durdyýew gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden taryhy ähmiýetli, çuň manyly çykyşlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmeklige we ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ösdürmeklige gönükdirilen aýdan pähim paýhasly sözlerini, beren tabşyryklaryny hem-de wagyz-nesihatlaryny öz durmuşynda hem-de okuwynda esasy ýol görkeziji hökmünde ulanyp barmalydygyny, bu düýp manyly aýdylanlaryň esasynda ýurdumyzyň halkara derejede at-abraýynyň has ýokary belentliklere götermek maksady bilen tutanýerlilik we uly zähmet bilen Türkmenistanyň bähbidine Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okap, ýurdumyz üçin dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmelidigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda çykyş eden talyp ýaşlar öz gezeginde hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşlarynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlarda bilim alýan talyp ýaşlary üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy, ylym dünýäsine çuňňur aralaşmagy babatda döwlet derejesinde uly üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerini hem-de Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden hyzmat etjekdiklerini nygtadylar.