BILIM

Türkmenistan bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Bu resminama Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa we ÝUNESKO-nyň bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Çžan gol çekdiler.

Resminamada bilim ulgamynda ösen maglumat tehnologiýalaryny ulanmak we tejribe toplamak boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary hödürlenýär.

Ýene-de okaň

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi