BILIM

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunynda bu baýram mynasybetli birnäçe çäreleri, hususan-da, aýdym-sazly medeni çäreleri, bäsleşikleri, usuly-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde sirk tomaşalaryny, Türkmen döwlet gurjak teatrynda bolsa sahna oýunlaryny, kinokonsert merkezlerinde, “Aşgabat” kinoteatrynda kinofilmleriň we multfilmleriň görkezilişini guramak, Mukamlar köşgünde ýaşlar simfoniki orkestriniň, birleşen çagalar horunyň baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Related posts

Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy : «Açyk gapylar»

Ata Watan Eserleri

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti