TEHNOLOGIÝA

Aşgabatda “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu çäreleri şu ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine aljak forumlara ýurdumyzdan we daşary döwletlerden alymlaryň, bilermenleriň,  işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligi işläp düzýän, innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli ugurlar boýunça 317 sany taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini halkara çäräsiniň çäklerinde jemlemek meýilleşdirilýär.  jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Related posts

“YouTuber”-ler aýda näçe pul gazanýar? “YouTube” -da özüne çekiji mazmun nädip öndürmeli?

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasy öz emeli hemrasyny öndürmekçi

Özbegistan 1 million ýeňil awtoulag öndürer

Ata Watan Eserleri