SPORT

Şu gün “El-Klasiko” güni

Şu gün Aşgabat wagty bilen 19:15-de Ispaniýanyň çempionatynyň 11-nji hepdesindäki duşuşyklaryň çäklerinde “El-Klasiko” duşuşygy geçiriler. “Barselona” topary “Olimpik Lýuis Kompanis” stadionynda “Real Madrid” toparyny kabul eder.

Häzirki wagtda ispan çempionatynda “Real Madrid” topary öňde barýar. “Barselona” bolsa, esasy bäsdeşinden 2 utuk yzda.

“Barselona” toparyndan Žýul Kunde, Serhi Roberto, Pedri we Şadi Riad, “Real Madrid” toparyndan bolsa, Tibo Kurtua we Eder Militao şikesli bolandygy üçin oýnap bilmeýär.

Resmi duşuşyklarda “Real Madrid” topary 102 gezke ýeňiş gazanan bolsa, “Barselona” topary 100 duşuşykda garşydaşyny ýeňdi we 52 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

Iki toparyň arasynda geçirilen ähli duşuşyklarda bolsa, “Barselona” topary 123 gezek ýeňiş gazanyp, “El Klasikoda” iň köp ýeňiş gazanan topardyr. “Real” 108 duşuşykda üstünlik gazanan bolsa, 64 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler