BIZNES

Hytaý Türkmenistana awtoulag eksport etmäge taýýar

— «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekine gelen türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen iş duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Biz hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdyk – diýip, «Shacman» kompaniýasynyň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň jogapkär işgäri Fu Şihu “Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda belläp geçýär.

Hytaýly işewür häzirki wagta çenli kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana «Shacman» kysymly awtoulag serişdeleriniň 3 müňüsi eksport edilendigini belläp, geljekde-de bu ugurdaky işi üstünlikli dowam etdirmek arkaly ýurduň iri taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şeýle hem ol köpugurly düzümleriniň öndürýän awtoulaglaryna we hödürleýän hyzmatlarynyň hiline ýokary baha berýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

 «Shacman» haryt nyşanly awtoulag serişdeleri Hytaýyň «Shaanxi Automobile Group Co., Ltd» kompaniýasyna degişli. Ştab-kwartirasy Şensi welaýatynyň Sian şäherinde ýerleşýän kompaniýamyz awtobuslaryň we ýük awtoulaglarynyň önümçiligine ýöriteleşendir. Şolaryň hatarynda orta ölçegli hem-de agyr ýük awtoulaglary hem bar. Olar uzak hem çarkandakly ýollara çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy