BIZNES

Ýewropa Bileleşiginden Merkezi Aziýanyň hususy pudagyna goldaw

Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň Odil Reno-Basso we halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen Merkezi Aziýanyň mikro, kiçi we orta telekeçilerini goldamak babatda täze taslamanyny işe girizendiklerini malim etdiler.

ÝÖTB-iň maksatnamasy 28,6 million ýewro möçberinde bolup, onuň 5,3 million ýewrosy ÝB-niň gaznalaryndan berler. Bu maliýe serişdelerini Merkezi Aziýanyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tajigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň nou-hau taslamalary maliýeleşdiriler.

Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň Odil Reno-Bassonyň we halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Brýusselde iki guramanyň arasynda geljekdäki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän şertnama gol çekendigi we Merkezi Aziýanyň kiçi kärhanalaryna maliýe goldawyny bermek bilen täze başlangyçlary yglan edendigi mälim edildi.

Bu iki hyzmatdaşlar Ýewropada, Aziýada we Afrikada iri taslamalary maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerine yzygiderli seredýärler.

Related posts

Döwlet daşary ykdysady iş banky işe çagyrýar!

vepa

TNGIZT edarasyna baş direktor bellendi

Ata Watan Eserleri

Geçen ýyl Türkmenistanda 8,8 million manada golaý nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy

Leave a Comment