DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Şu ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde Merkezi Aziýa-Russiýa sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi öňde boljak möhüm forumlara gatnaşmak isleýän žurnalistleri hasaba durmaga çagyrdy.

Gazagystanda oktýabr aýynda möhüm halkara çäreler göz öňünde tutulýar. Olaryň arasynda 13-nji oktýabrda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI sammiti, 14-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisi, şeýle hem şol gün Merkezi Aziýa-Russiýa sammiti geçiriler. 

Mälim bolşy ýaly, Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň oktýabr aýynda amala aşyrjak döwlet sapary barada hem agzalyp geçilipdi.

Related posts

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabat Howa dialogy dörediler

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň Aşgabada sapary

Leave a Comment