SIZDEN GELENLER

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy barha berkeýär

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösen döwlete öwürmek babatda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu Milli maksatnamanyň ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ulag düzüminiň kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak bilen bagly meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gahryman hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzüminiň kuwwaty barha belende galýar. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz özüniň daşary ýurt saparlarynda hemişe halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýrtyn ähmiýet berýärler.

Ine, birnäçe günden bäri Hytaý Halk Respublikasynda saparda bolup, bu ýerde «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşan Gahryman Arkadagymyz dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ýurdumyzyň iri ulag taslamalaryna we ulag babatda amala aşyrylan giň gerimli işlere çekdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. «Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňiň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara ulag geçelgeleri barada barýandygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, bu geçelge Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine, Merkezi Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.

«Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistiki terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Umaman, ähli ulag ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýän döwletimiz halkara multimodal ulag geçelgeleriniň hem döredilmegine işjeň gatnaşýar. Muňa mysla edip, golaýda Türkmenistan döwletimiziň wekilleriniň Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag ministrlikleriniň we demirýol pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen maslahata gatnaşandygyny bellemek bolar. Duşuşygyň dowamynda “Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa” halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekmekligi tizleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wepageldi Ataýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri