DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Pekinde geçirilen duşuşykda Wan I Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn has-da çuňlaşdyrmaga we ony täze derejelere çykarmaga taýýardyklaryny belledi. Türkmenistan “Guşak we ýol” başlangyjyny bilelikde gurmak babatda esasy hyzmatdaşlaryň biridigini bellän Wan I Türkmenistanyň “Bir guşak, bir ýol” III halkara forumyna gatnaşmagynyň möhüm bilelikdäki taslamalary ilerletmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge ýardam etjekdigini mälim etdi.

2.jpg

Türkmen tarapy hem öz gezeginde iki ýurduň Baştutanlaryny özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, Türkmenistanyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiligini ulanmak bilen ählitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny işjeň goldaýandygyny we oňa gatnaşýandygyny bellän türkmen tarapy Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek hem-de “Bir guşak, bir ýol” başlangyçlarynyň arasyndaky arabaglanyşygy güýçlendirmegiň möhümdigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy