DÜNÝÄ

Özbegistan kiçi we orta tekeleçilige 10 milliard dollar gönükdirýär

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz ýurdunyň kiçi we orta tekeleçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Bu pudagyň ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orun alýandygy bellenilip, soňky 5 ýylda kiçi we orta telekeçiligiň sanynyň 2 esse artandygy aýdyldy.

Häzirki wagtda Özbegistanda 10.5 million adam hususy pudakda zähmet çekip, ol hem ýurduň işleýän ilatynyň 74 göterimine deňdir.

Şawkat Mirziýoýew “Biziň strategimiz ugrumyz tekeleçiligi goldamak” diýmek bilen, 2025-nji ýylda orta we kiçi telekeçiligi goldamak üçin dürli çeşmeleriň hasabyna 10 milliard dollara gönükdiriljekdigini belledi.

Duşuşykda pudagyň öňünde goýlan maksatlar kesgitlendi.

Hususan-da:

– pudagyň ykdysadyýetdäki paýyny 55 göterime ýetirmek.

  • kiçi tekeleçiligiň eksport mümkinçiliklerini 9 milliarddan 12 milliard dollara ýetirmek.
  • 1.5 million hemişelik iş orunlaryny döretmeli we bu pudakda işe ukyply ilatyň paýyny 75 göterime ýetirmek.
  • kiçi telekeçilikde 100 sany täze brendleri işläp düzmek.
  • kiçi telekeçiligiň gatnaşmagynda 200 startap taslamalaryny maliýeleşdirmek.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary