DÜNÝÄ

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Euronews” kompaniýasynyň arasyndaky ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy we onuň çäginde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary şöhlelendirmek üçin durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar babatynda bellediler.

Şeýle hem halkara maglumat giňişliginde uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalar beýan edildi. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki çäreleri güýçlendirmäge we özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň netijesinde gol çekilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Euronews” kompaniýasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginiň bentleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze başlygy saýlandy

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar