DÜNÝÄ

Dünýäniň iň ýaş Prezidentini saýladylar

Işewür we banan söwdasynyň mirasdüşeri Daniel Noboa Ekwadoryň iň ýaş döwlet baştutany hökmünde bu wezipä saýlandy. 35 ýaşyndaky Noboa saýlawda esasy bäsdeşi Luis Gonsalesden öňe saýlandy.

Sanalan seslere görä, Noboa sesleriň 52.29 göterimine, Gonsales bolsa 47.71 göterimine eýe boldy.

Noboa Ekwadoryň iň baý adamynyň we prezidentlige bäş gezek dalaşgär bolan Alwaro Noboanyň ogludyr. Daniel Noboa Kennediniň adyny göterýän Garward mekdebini tamamlady. Ol saýlawyň öň ýanyndaky möwsümde eden çykyşynda täze iş orunlaryny döretmegi, salgyt ýeňilliklerini durmuşa geçirmegi, täze kärhanalary höweslendirmegi, şeýle hem has köp daşary ýurt maýa goýumyny çekmegi maksat edinýändigini belläpdi.

Täze saýlanan Prezidenti 25-nji noýabrda wezipesine girişer.

Related posts

Ärdogan 13 ýyldan soňra Yrakda saparda bolýar

Türkmen wekiliýeti Günorta Koreýada netijeli gepleşikler geçirdi

UNCTAD we IRU wekilleri bilen maslahat