DÜNÝÄ

Hytaýda “Bir guşak – bir ýol” halkara forumy geçiriler

Şu ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Hytaýda “Bir guşak-bir ýol” III halkara forumy geçiriler. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bu forumyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Şeýle hem forumyň çäklerinde oňa gatnaşmaga gelen döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçiriler.

Bu foruma Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Si Szinpin şu ýylyň martynda Russiýa amala aşyran saparynda Wladimir Putini bu foruma çagyrypdy.

“Bir guşak-bir ýol” başlangyjy 2013-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürüldi. Onuň maksady halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda 150-den gowrak döwlet we halkara guramalar bu başlangyja goşuldy.

Ýene-de okaň

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder