DÜNÝÄ

Türkmen-saud gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Abdul Rahman bin Ibrahim Al-Rassi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan gatnaşyklary berkitmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Awazadaky halkara sergide 113 geleşik baglaşyldy

Bahçeşehir uniwersiteti türkmen talyplaryna garaşýar

vepa

Türkmen alymlary mekgejöwenden krahmal aldylar