Bu günki gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary barha belentden ýaňlanyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda üstünliklere, öňegidişliklere badalga berýär.
Garaşsyzlygymyzyň her bir ýylynda bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýip atlandyrylan bu ýylda hem beýik ösüşlere gönükdirilen toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Has takygy, türkmen halkynyň geljegini nazarlaýan «akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gysga döwürde gurlup, dabaraly ýagdaýda açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän asylly işleri halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda gurulýan binalar, desgalar ynsan durmuşyny bagtyýarlyga we eşrete beslemäge niýetlenendir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy türkmen halkynyň baky berkararlygynyň, agzybirliginiň, abadanlygynyň we sarsmaz döwletiniň toýudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halal zähmet arkaly ýurdumyzdaky gazanylan we gazanylýan ösüş-özgerişlere, ähli ugurlardaky ýetilen belent sepgitlere diňe ýurdumyzyň raýatlary däl, eýsem, daşary ýurtly dost-doganlarymyz hem guwanýar.
Ýurdumyzyň bu günki ýeten bagty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günleriniň hözirini görýän halkymyzyň adyny äleme aýan etdi. Bu bagtyýarlyklar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwesi. Bu baýram türkmen ilimizi agzybirlige, jebislige, millilige, bagtyýarlyga we dost-doganlyga çagyrýar. Şonuň üçin hem bu bagtyýarlyk baýramyny halkymyz yhlasly zähmet bilen garşy alýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi ylym esasynda ösýän, innowasiýalaryň ýurduna öwürmek üçin hormatly Prezidentimiziň örän oýlanyşykly hem-de maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýandygyny bellemek gerek. Bagtyýar nesillerimiziň çagalykdan bilimler dünýäsine aralaşmagy, soňra bolsa ylymlar köşgüne, il-ýurt ähmiýetli açyşlaryň älemine gadam goýmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Körpelere başlangyç sowady öwretmekde zerur bolan ähli serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglary, häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri çagalaryň dünýä derejesinde pikirlenip bilýän, giň gözýetimli, kämil bilimli nesiller bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy toýlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar baglarynyň, orta mekdebiň we okuw-terbiýeçilik toplumynyň ulanmaga berilmegi durnukly ösýän döwletimiziň gurmak, döretmek mümkinçilikleriniň ummasyzdygyna ynamy artdyrýar.
Mergen Akmuhammedow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.