SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Bu mukaddes topragynda keramatyň tagty ýatyr,

Rowaçlanan geljeginde nesilleriň bagty ýatyr.

Öwrüm-öwrüm ýollaryndan bäş doganlar bile öter

Mesgen tutan Türkmen ilim-giň jahana agzybirlik nyşany,

Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

***

Arkadagyň paýhasyndan ilime şamçyrag geldi,

Arkadagyň sarpasyndan geljegmize çyrag geldi.

Eziz Watan-Arkadag bilen arşyň ýollarna galdy,

Gözel ýurdum-Ýüpek ýollaryndan geçen merdanalaryň mekany!

Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

***

Mertlerimiziň şöhradyndan arşa geldi şanymyz,

Pederler siňen taryhyndan joşa geldi şadymyz.

Oguzdan gaýdan belentdir, Türkmen diýen adymyz,

Taryhymyz sowgat berdi soňlanmajak bakylygyň heňňamy.

Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

***

Mirasymyz, sungatymyz-bossanlygyň mekany,

Medeniýetli ojagymyz ýurduň şöhraty-şany.

Dessan ýaýýan wasplarymyzyň dünýä içre ýaýrany,

Ösüşlere dowamatly-dowamatdyr, ajap ýurduň döwrany

Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

***

Belent parlan baýdagymda asudalyk nyşany bar!

Pyragynyň dogan ýola joşup-joşup aýdany bar.

Bagtyň ýolundan getiren Arkadaga alkyşym bar,

Arşa uzan Garaşsyzlyk, Bitaraplyk-halkyň goşa ganaty!

Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

 

                                               Amansoltan Sytdyhowa,

Magtymguly adyndaky

Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ talyby.

 

Seljuk döwletiniň zamanasynyň tapyndysy

 

Related posts

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Saglygy goraýyşda gazanylýan üstünlikler

Ata Watan Eserleri

Ösümlik psihologiýasy