JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Natalýa Germana gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germana kakasy Mirça Iwanowiç Sneguryň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Mirça Iwanowiç görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Moldowa Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi” diýlip, hatda bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz şu agyr ýitgini başdan geçirmekde hanym Natalýa Germana ruhy durnuklylyk, gujur-gaýrat diläp, maşgala agzalaryna we dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Related posts

Ýewropanyň iň gymmat futbolçylary

vepa

2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlandy

Ata Watan Eserleri

Howa maglumaty: hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar

Ata Watan Eserleri