JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa we Saida Mirziýoýewa Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördüler

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa bilen bilelikde «Inson» jemgyýetçilik hyzmatlar merkezine we Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördi. Bu barada yuz.uz saýty habar berdi.

Hormatly myhmanlar ilatyň jemgyýetçilik goragyna mätäç toparlaryny goldamak, bilim almak mümkinçiliginden deň peýdalanmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdylar.

– Doganlyk Türkmenistan döwletinden hormatly Oguljahan Atabaýewany Özbegistanda görmekden örän şatdyryn. Biz «Inson» jemgyýetçilik hyzmatlar merkezine we Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördük. Bu ýerde ilatyň howandarlyga mätäç derejedäki adamlara berilýän goldawlar hem-de bilim elýeterligi üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyk.

Bu duşuşygymyzyň çagalara we maşgalalara goldaw bermek babatda bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek babatda oňat binýat boljakdygyna berk ynanýaryn – diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa özüniň “Telegram” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda onlaýn duşuşyk

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasy sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

“Dostluk kerweni” ýörişi Türkmenistan şäherlerinden geçer

Ata Watan Eserleri