DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Singapuryň arasynda syýasy geňeşmeler geçiriler

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibini hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar, şeýle hem iň ýokary derejede, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde saparlary guramaklygyň, şeýle hem işewürler forumlaryny geçirmekligiň zerurdygyny bellediler.

Related posts

İngiliz şarkıcı Joss Stone Aşkabat’ta konser verdi

vepa

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Horwatiýa ýewro pul birligine geçer

Ata Watan Eserleri