BILIM

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: uçarbeletleriň okuwyna kabul edişlik başlandy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resminamalar 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabryna çenli indiki salgy boýunça kabul edilýär: Howa menzili, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41

Dalaşgär üçin maglumat:

– Türkmenistan raýatlylygynyň bolmagy;
– Aşgabat şäherinde salgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
– ýaşy 27-den geçmedik gyzlar hem ýigitler;
– ýokary bilim baradaky resminamanyň bolmagy;
– boýunyň 165 sm-den pes bolmazlygy;
– türkmen we rus dillerini erkin bilmegi;
– başlangyçdan (Elementary) pes bolmadyk derejede iňlis dil bilimi;
– beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar;
– mylaýym daş görnüş;
– düşnükli/aýdyň sözleýiş;
– alçaklyk;
– suwda ýüzmek ukyby;
– harby şahadatnamasynyň bolmagy (ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenden soň);
– hyzmat ediş pudagynda işlemek islegi;

Zerur resminamalar:
1. Pasport
2. Diplom
3. Işleýänler üçin zähmet depderçesi;
4. Harby şahadatnama
5. Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama

Okuw söhbetdeşlikden we lukmançylyk toparynyň barlagyndan soň başlanýar.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar