DÜNÝÄ

Wladimir Putin bilen Kim Çen Yn duşuşdy

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Ynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Russiýanyň Amur oblastynyň Gündogar kosmodromynda bolup geçdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä,  iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga rus tarapyndan wise-premýerler Marat Husnullin we Alekseý Owerçuk, senagat ministri Denis Manturow, daşary işler ministri Sergeý Lawrow, goranmak ministri Sergeý Şoýgu we ulag ministri Witaliý Sawelýew gatnaşdy.

Wladimir Putin bu duşuşygyň möhüm seneleriň bellenýän ýylynda geçirilýändiginiu mälim etdi. Onuň bellemegine görä, golaýda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen gününiň 75 ýyllygy bellendi. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky diplomaitk gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 75 ýyl doldy.

 

 

Related posts

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Özbegistanda ilat ýazuwynyň ikinji tapgyry başlaýar

Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy