DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Şu gün, 13-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşykda taraplar Täjigistan-Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem 14-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy.

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine hat iberildi

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky käbir ylalaşyklar tassyklandy

Arkadag şäheri Fillipinler Respublikasynda tanyşdyryldy