DÜNÝÄ

Yragyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Yragyň Gazagystan Respublikasyndaky wagtlaýyn ynanylan wekili Jaber Najma Adbullah Al-Temimi bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda ykdyasy we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeltmegiň zerurdygyny bellediler, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda şol san-da ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine baha berdiler.

Mundan başga-da, taraplar Yragyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dawis hukuk fakultetinde Nowruz baýramçylygy bellendi

Tailandda syýahatçylyk rekordy

vepa

Leave a Comment