BIZNES

«Galkynyş» gaz käninde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Täzelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496-4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 264 kub metr tebigy gaz berýär. Bu barada oilgas.gov.tm neşiri habar berýär.

«Galkynyş» gaz käniniň gory «Ýaşlar» gaz käni bilen bilelikde häzirki wagtda 26,2 trillion kub metre barabar we bu känleriň bir bölegi bolan täze açylan Garaköl ýatagynyň gory hasaba alnanda jemi 27,4 trillion kub metre barabar diýlip hasaplanylýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulmagyna we öz ornuny barha berkitmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Bu gaz käninde ulanyşa girizilen gaz guýularynyň her biriniň bir gije-gündizde 2 million kub metre çenli önüm bermegi «Galkynyş» gaz käniniň örän baý tebigy gaz goruna eýedigini subut edýän hakykatdyr.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy