SPORT

Ronaldosyz Portugaliýanyň taryhy ýeňşi

2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde “J” toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Lýuksemburgyň ýygyndysyny kabul etdi.

Kristiano Ronaldonyň oýnamadyk duşuşygynda Portugaliýa garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 9 gol geçirdi. Gollary Gonsalo Inasio (12, 45+4), Gonsalo Ramuş (18, 34), Diogo Žota (57, 77), Horta (67), Bruno Fernandeş (83) hem-de Žoao Feliks (88) derwezä girizdi.

Şeýlelikde, Portugaliýa taryhyndaky iň uly hasaply ýeňşini gazandy. Mundan ozal, Portugaliýa 8:0 hasabynda 3 gezke ýeňiş gazanypdy.

Portugaliýanyň garşydaşy Lýuksemburg bolsa, 3-nji gezek 9:0 hasabynda ýeňlişe sezewar bolýar. Mundan ozal,  Lýuksemburgyň ýygyndysy Angliýanyň ýygyndysyndan 2 gezek 9:0 hasabynda ýeňlipdi.

Portugaliýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň saýlama duşuşyklarynda 6 oýunda hem ýeňiş gazanyp, garşydaş toparlarynyň derwezesinden jogapsyz 24 gol geçirdi.

Portugaliýanyň futbol taryhyndaky bu möhüm duşuşykda ýygyndynyň ýyldyz Kristiano Ronalda oýnamady. Ol mundan ozal 2 sany sary duýduryş kartoçkasyny alandygy üçin bir duşuşyk goýbermeli boldy.

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady