BIZNES

Türki dünýäsiniň işewürler forumy geçiriler

Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň ykdysadyýet ministrleriniň 12-nji mejlisi 20230-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda geçiriler. Gurama agza döwletleriň ministrleriniň gatnaşmagynda Stambul şäherindäki “Bomonti” myhmanhanasynda türk dünýäsiniň işewürler forumyny hem guramak meýilleşdirildi.
Guramanyň berýän maglumatyna görä, bu işewürler forumy gurama agza we synçy döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hem-de hususy pudakda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge itergi berer.
Ikitaraplaýyn duşuşyklara hem orun beriljek forumda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewiň, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň, Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Serik Jumangariniň, Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň, Özbegistanyň maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Kudratowyň, Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolatyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

Google : “Sanly Hindistan” üçin 10 milliard dollar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýoly 5 ýylda gurlar

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynda işleriň barşy

Ata Watan Eserleri