Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady. Diplomat Türkmenistandaky işlän döwrüni ýakymly ýatlamalar bilen ýatlajakdygyny belläp, geljekde ýene-de bu ýurda dolanyp gelmegi arzuw edýändigini mälim etdi.
Bu barada ilçiniň hoşlaşyk beýanatynda bellenilip geçilýär. Bu hoşlaşyk beýanatynda ÝB-niň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Onda hususan-da şeýle diýilýär:
Gadyrly kärdeşler we dostlar,
Dört netijeli ýyldan soň, Türkmenistandaky işimiň 31-nji awgustda tamamlanandygyny habar bermek isleýärin.
Bu döwürde, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky dürli ugurlardaky gatnaşyklarda möhüm üstünliklere şaýat bolmak we goşant goşmak meniň üçin uly hormatdy.
Türkmenistanyň mähirli halkyna myhmansöýerligi we sahylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bu ajaýyp ýurtda ýaşamak we işlemek buýsançdy we geljekde gaýdyp gelmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Türkmenistan bilen hoşlaşanymda, ýanymda ýatdan çykmajak ýatlamalar bilen Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynam bildirýärin.
