MEDENIÝET

Daşary ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dokumental filmler surata düşüriler

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik we tehniki topary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamak maksady bilen, dünýäniň birnäçe doganlyk döwletlerinde akyldar şahyra bagyşlanan dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek işlerini ýola goýdy. Bu barada birleşigiň başlygynyň döredijilik işleri boýunça orunbasary, kinorežissýor Sahysalyh Baýramow “Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda habar berdi.

Häzirki wagtda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik we tehniki topary Russiýanyň Astrahan oblastynda dokumental filmi ýazgy edýär. Eýýäm surata düşüriş işleri üçin kinorežissýor Batyr Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetimizi Astrahan oblastyna iş sapary bilen gitdi. Wekiliýet 2-nji sentýabra çenli bu oblastyň türkmen obalarynda işlär. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdep hem bar. Şeýle hem döredijilik topary ýerli ýaşaýjylaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan gyzyklanmasyny öwrenip, filmiň mazmunyny has-da baýlaşdyrar.

Astrahanda başlanan tutumy Azerbaýjanda, Türkiýede, Eýranda we Özbegistanda hem dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Kinorežissýor Maksat Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolar. 5-nji sentýabra çenli dowam etjek saparyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň Azerbaýjan topragyndaky yzlary barada dokumental filmi surata düşürmek meýilleşdirilýär.

Ýylyň dowamynda ýaş kinorežissýorlar Hekim Alowow Türkiýede, Isgendermuhammet Annamuhammedow Eýranda, Sapar Annaýew bolsa Özbegistanda şeýle dokumental filmleri surata düşürer. Filmleri iň gysga wagtda taýýarlap, tomaşaçylara ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi şu ýyl iň täze we kämil filmleri bilen Täjigistanda, Azerbaýjanda we Özbegistanda geçiriljek halkara film festiwallaryna gatnaşar.

Mundan başga-da, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze filmleri bilen hem kino muşdaklaryny begendirmegi göz öňünde tutýar. Kinorežissýorlar Maksat Gylyjowyň «Kompozitor», Wepa Işangulyýewiň «Ürgenç gözeli Törebeg» atly filmleri önümçilige goýberilmäge taýýar bolup barýar.

Kinorežissýor Myrat Orazow «Ependi» atly täze filmi surata düşürmäge girişdi.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy