BILIM

Türkmenistan Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilýän Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýarlar. 28 – 30-njy awgustda geçirilýän sammitde häzirki zaman şertlerinde çagalary we ýaşlary terbiýelemekde däp bolan gymmatlyklaryň ähmiýetine bagyşlanýar.

Sammite Liwiýa, Senegal, Liwan, Eýran, Kamerun, Täjigistan, Somali ýaly 30 töweregi döwletden ýaşlaryň işleri boýunça edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

Şeýle hem sammitiň çäklerindäki çäreler Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretariatynyň, Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň (КОМСТЕХ), Yslamyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmek boýunça halkara ylmy-barlag merkeziniň (ИРСИКА) wekilleri gatnaşýarlar.

Sammitiň çäklerinde, sagdyn maşgala gymmatlyklaryny ösdürmek, dowamly bilim, şahsyýet goraglylygy, birek-birege düşünişmek we hormat goýmak, halklaryň arasyndaky dostluk, milli özboluşlylygy bilmek ýaly temalara bagyşlanan mejlisler geçiriler.

Onuň çäklerinde, yslam dünýäsiniň ýurtlarynda çagalary we ýaşlary terbiýelemek işinde bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Related posts

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

Türkmenistanly ýaşlaryň 155-si Hytaýa bilim almaga iberiler

Dalaşgär-2026: Türkmen döwlet maliýe instituty