Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” topary tomusky transfer möhleti tamamlanýança Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň düzüminde çykyş edýän müsürli futbolçy Mohamed Salahy düzümine goşmagy meýilleşdirýär. Sport neşirleriniň habaryna görä, Salah üçin saud topary iňlis toparyna 162 million dollar teklip etmegi göz öňünde tutýar.
Bu pul serişdesinden 108 million dollary “Liwerpul” toparyna degişli boljakdygy bellenildi. Şeýle hem 54 million dollary bolsa, Salahyň täze toparynda görkezjek netijeli oýnuna görä, goşmaça töleg hökmünde tölener.
Saud topary müsürli futbolçyny düzümine goşmagy özüniň esasy maksatlarynyň biri edip goýdy we 20-nji sentýabra çenli bu transferi amala aşyrmagy maksat edinýär.
Eger bu geleşik başa baran halatynda, “Al-Ittihad” topary Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň rekordyny täzeler. Häzirki wagtda bu rekord “Al-Hilal” toparyna degişli bolup, bu topar Neýmary 97 million dollara satyn aldy.
“Al-Ittihad” topary mundan ozal, “Liwerpul” toparyna Salah üçin 100 million dollardan gowrak teklip bilen ýüzlendi. Ýöne iňlis topary Salahy bu tomus möwsümde satmakdan ýüz öwürdi. 31 ýaşyndaky Salahyň bolsa, saud toparyna geçmäge gyzyklanma bildirendigi we muny “Liwerpul” toparynyň ýolbaşçy düzümine ýetirendigi bellenilýär.
