BILIM

Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda harby gullukçylar bilen ýörite okuw geçirilýär

2023-nji ýylyň 21 – 31-nji awgusty aralygynda gümrük edalarynda jogapkär ýolbaşçy wezipeler üçin ätiýaçda duran harby gullukçylar bilen sanly ulgamyň serişdeleriniň ähli mümkinçilikleriniň doly döredilen ýeri bolan Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýörite okuw çäresi geçirilýär.

Gullugyň web-sahypasynda habar berlişi ýaly, bu ýörite okuw çäresi gullugyň düzüminde jogapkär wezipelere harby gullukçylary köp taraplaýyn taýýarlamak, täze kabul edilýän kanunçylyk namalary çuňňur düşündirmek hem-de raýatlara edilýän hyzmatyň hil derejelerini ýokarlandyrmakda amala aşyrylmaly işleri düşündirmek maksady bilen guralýar.

Ýörite tassyklanan meýilnama laýyklykda, okuw sapaklary, esasan, tejribeli gümrük işgärleri tarapyndan geçirilýär.

Bu okuw çäresiniň dowamynda geçiriljek sapaklar Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň syýasy ähmiýeti, kanunçylyk-hukuk özgertmeleri, Döwlet gümrük gullugynyň işiniň esasy ýörelgeleri, «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti, gümrük edaralarynda iş dolandyryşy guramak, Daşary ykdysady geleşik we olaryň görnüşleri, gümrük edaralaryna tölenýän gümrük tölegleriniň we salgytlaryň degişliligi boýunça hasaplaryň geçirilişi ýaly ýene-de ençeme ugurlary öz içine alýar.

Şeýle okuw çäreleriniň geljekde gümrük edaralarynda ýolbaşçy wezipelere ätiýaçda duran harby gullukçylar bilen geçirilmegi, olaryň hünär taýdan kämil, ukyp-başarnyklarynyň we hukuk sowatlylygynyň has-da ýokary bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Ýene-de okaň

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Londonda bilim ulgamynda türkmen-britan hyzmatdaşlygy babatda 4 resminama gol çekildi

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär