SPORT

Türkmenistanda golf boýunça ilkinji halkara ýaryş geçiriler

16-njy oktýabrdan 22-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda golf boýunça ilkinji halkara ýaryş geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Golf federasiýasynyň web saýty ashgabat-golf.tm habar berýär.

Ýagny, bu ýaryş 16-njy oktýabrdan 22-nji oktýabr aralygynda Amerikanyň öňdebaryjy golf kompaniýasy Niklausyň dizaýny bilen Jek Niklausyň gatnaşmagynda döredilen “Aşgabat” golf klubynda geçiriler.

Belläp geçsek, bu halkara çempionatyň esasy maksady, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de Türkmenistanda golfyň ösüşini ösdürmek bolup durýar.

Related posts

“Nýukasl” araplara satyldy

19 ýyldan soň çempion boldy

Garabag topary wagtyndan öň Azerbaýjanyň çempiony boldy