SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Kamboja syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan Kamboja Patyşalygy bilen syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy, hususan-da Siemreap welaýaty bilen göni awiagatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu sebit ASEAN-yň esasy syýahatçylyk ugrudyr.

Bu barada Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygynda täze bellenen ilçisi M.Maşalow (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň syýahatçylyk ministri Thong Khon bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.

Ilçi syýahatçylyk ministrini, şeýle hem Kambojanyň hökümetini pandemiýadna soňra syýahatçylyk pudagynyň täzeden dikeldilmegi we gazanan üstünlikleri bilen gutlady.

Türkmen diplomaty Kamboja we Türkmenistanda syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmek, şeýle hem milli we halkara syýahatçylarynyň habardarlygyny artdyrmak maksady bilen çäreleri guramagy teklip etdi.

Thong Khon öz gezeginde Türkmenistanyň syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça pikirini goldady.

Kambojanyň syýahatçylyk ministri syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin ýol kartasy boýunça özara düşünişmak baradaky ähtnamany taýýarlamagy teklip etdi.

Ministriň bellemegine görä, Kamboja 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 3,04 million daşary ýurtly jahankeşde kabul etdi we ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji 5 milliona ýeter.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler